MEDENIÝETMILLI BAÝRAMÇYLYKLAR

Baýramçylyk at çapyşygy geçiriler

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Lebap atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşygy geçiriler. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 18-nji sentýabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýew bu barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Wise-premýeriň hasabatynda hem aýdylyşy ýaly, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli 28-nji sentýabrda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda we welaýatlarda at çapyşyklary geçiriler.
Durky täzelenen Lebap atçylyk sport toplumynda şu ýyl Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ýurt derejesindäki at çapyşygynyň hem geçirilendigini ýatladýarys. Häzir bu ýerde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli at çapyşygyna taýýarlyk görülýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply