YKDYSADYÝET

«Hemsaýa» hojalyk jemgyýeti banan ýetişdirer

 Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän «Hemsaýa» hojalyk jemgyýeti banan ýetişdirmek üçin ýyladyşhana gurdy.

5 gektar meýdany eýleýän ýyladyşhanada bu tropiki ösümligi ösmegi, ýokary hasyl bermegi üçin zerur ýylylyk we çyglylyk bermek üçin şertler döredilipdir.  Suwaryş damjalaýyn usulda alnyp barylýar.

Häzir ýyladyşhana hojalygynda häzir bananyň «Kawendiş» diýlip atlandyrylýan we dünýäde iň köp ýetişdirilýän görnüşi ösdürilýär. Onuň her gektaryndan ýyl dowamynda 100 tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: