YKDYSADYÝET

Halaçly halyçylar çärýeklik meýilnamany artykmajy bilen ýerine ýetirdiler

 Halajyň çeper haly kärhanasynda ýylyň birinji çärýeginiň meýilnamasy 110 göterim berjaý edildi. Munuň özi bu baýry kärhanada üstümizdäki ýylyň zähmet üstünliklerine beslenjekdigini görkezýär.

 Kärhanada öz işine ussat gelin-gyzlaryň 1800-den gowragy zähmet çekýär. Olaryň 20-den gowragy döwlet sylaglarynyň we hormatly atlaryň eýeleridir. 

 Ýeri gelende bellesek, kärhanada geçen ýylda 10 müň 320 inedördül metr haly we haly önümleri dokaldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: