«Bulgari» kompaniýasynyň öz müşderilerine hödürlän täze el sagatlary dünýäde iň inçe mehaniki sagatlar diýlip yglan edildi. «Bulgari Octo Finissimo Ultra» diýlip atlandyrylan bu sagatlaryň ýogynlygy bary-ýogy 1,8 millimetrdir. Onuň titandan ýasalan gaýyşynyň ýogynlygy bolsa 1,5 millimetrdir.
Sagadyň korpusy-da titandan ýasaldyr. Sagadyň sekiz burçly wagty görkezýän sanlarynyň aňyrsynda onuň mehanizmleri görnüp dur, şonuň ýaly-da onuň depesiniň çep burçunda QR-kod bar. Çeşmäniň berýän maglumatlaryna görä, «Bulgari» kompaniýasy bu sagadyň iň inçe mehanizmlerini işläp taýýarlamak üçin 3 ýyl sarp etdi. Özüniň inçeliginiň ölçeginiň täzeligi bilen ol öň rekord goýan ýogynlygy bary-ýogy 2 millimetr bolan «Altiplano Ultimate» sagadyndan öňe geçdi.