DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Jessika Çesteýn we Uill Smit iň gowy aktýorlar diýlip yglan edildi

Los Anjelesde «Oskar» baýragynyň eýelerini yglan etdiler. Amerikan kinoakademiýasynyň wersýiasy boýunça Jessika Çesteýn we Uill Smit şu ýylyň iň gowy aktýorlary diýlip yglan edildi, diýip «vesti.ru» habar berýär.

Jessika Çesteýn «Temmi Feýiň gözleri» diýen filmde ýerine ýetiren roly bilen «Iň gowy aktrisa» diýen ada mynasyp boldy we «Oskary» aldy. Uill Smit bolsa «Korol Riçard» dramasynda oýnan roly üçin iň gowy aktýor diýlip yglan edildi.

«CODA: Ker ene-atanyň çagasy» atly drama bolsa iň gowy film boldy. Baş rolda Benedikt Kamberbetç oýnan Jeýn Kempiona «Köpegiň agalygy» filmi üçin iň gowy režissýor diýen at berildi. «Ikinji plandaky iň gowy aktýor» dien ada Troý Kosur «CODA: (Ker ene-atanyň çagasy») mynasyp bilindi. Ikinji planyň iň gowy aktrisasy bolsa Ariana DeBoss boldy («Westsaýd taryhy».

«Meniň maşynymyň rulunyň başyna geç» ýapon dramasy iň gowy daşary ýurt filmi diýlip yglan edildi.

Doly metražly  «Enkanto» multfilmi iň gowy animasiýa filmi diýen ady aldy.

«Ölmegiň wagty däl» diýen film üçin ýazylan «Time To Die» aýdymy iň gowy aýdym hasap edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: