Halaçda mekdep okuwçylary bäsleşdiler

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Halaç etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň Halaç etrabyndaky wekiliniň bilelikde guramaklarynda «Döwletliligiň sakasy saglyk» atly bäsleşik geçirildi diýip, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Okuwçylaryň ýazky dynç alyş möwsüminde medeniýetli dynç almaklaryny gazanmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşige etrapdaky orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Çekeleşikliligi hem-de täsirliligi bilen tapawutlanan çärede okuwçylar goşgy okamak we aýdym aýtmak, diwar gazetini taýýarlamak, adatdan daşary ýagdaýlar dörän halatynda ilkinji kömegi bermegiň, özüňi alyp barmagyň düzgünlerini sahna eserleriniň üsti bilen görkezmek boýunça bäsleşdiler. Şeýlelikde etrabyň 51-nji orta mekdebiniň okuwçylaryndan düzülen topar birinji orny eýeledi. Etrabyň 48-nji hem-de 45-nji orta mekdepleriniň okuwçylaryndan düzülen toparlar bolsa degişlilikde ikinji we üçünji baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Ýeňijilere bäsleşigi guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector