JEMGYÝET

«Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alyş möwsüminiň üçünji tapgyry başlandy

Türkmenabat şäheriniň «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde mekdep okuwçylarynyň üçünji tapgyry kabul edildi.

Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän merkezde çagalaryň dynç almaklary, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredilipdir. Ähli amatlylyklary bolan ýatylýan we dynç alynýan otaglar, naharhana, kitaphana, suwa düşülýän howuzlar, sport meýdançalary olaryň hyzmatynda. «Bagtyýarlykda» dynç alýan çagalaryň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleriň hem giň toplumy guralýar. Olar üçin Türkmenabat şäherine gezelençler, dürli sport ýaryşlary geçirilýär.

Bu ýerde her möwsümde bir ýüz elli çagany kabul edýärler. Bütin tomsuň dowamynda merkezde alty ýüz okuwçy dynç alyp biler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: