YKDYSADYÝET

«Lebap» sement zawodynda 23,6 müň tonna sement meýilnamadan artyk öndürildi

 Köýtendag etrabyndaky «Lebap» sement zawodynda 2022-nji ýylyň geçen alty aýynda ýokary hilli sementiň 467,1 müň tonnasy öndürilip, ýurdumyzyň gurluşyk meýdançalaryna ugradyldy.

Kärhanada önümçilik desgalarynyň ýokary netijeli işledilmegi, çig mallar bilen üpjünçiligiň sazlaşykly ýola goýulmagy geçen ýylyň degişli döwründen bu islegli önümiň 23,6 müň tonnasyny artyk öndürmäge mümkinçilik berdi. Lebap welaýatynda geljekde bu zerur gurluşyk önüminiň öndürilişi has artdyrylar. Munuň üçin häzirki wagtda Köýtendagyň eteginde ýene-de bir sement zawodynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: