Çärjewde ýaşlaryň durmuş goraglylygyna bagyşlanan maslahat geçirildi
Çärjew etrabyndaky 39-njy orta mekdepde bilim işgärleriniň gatnaşmaklarynda «Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda ýaşlaryň durmuş goraglylygy» diýen at bilen dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahatda edilen çykyşlar ýaşlaryň sagdyn ösmeklerini, bilimleri kämil ele almaklaryny gazanmak maksady bilen bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmak ugrunda alnyp barylýan işlere bagyşlandy. Şonuň ýaly-da çykyşlarda ýaşlara berilýän bilimiň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak, ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmak, dünýä ylmyndan baş çykarýan tejribeli hünärmenleri ýetişdirmek babatda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler dogrusynda nygtaldy.