JEMGYÝET

Aşgabatda täze söwda merkezi açyldy

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda «Güneşli» söwda merkezi açyldy. Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda tabşyrylan binany Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň buýurmasy esasynda şu ministrligiň Alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň merkezi dolandyryş edarasynyň Abatlaýyş-gurluşyk bölümi gurdy.

Söwda merkezi uly supermarketi, azyk we senagat harytlary dükanlarynyň ikisini, şeýle-de gurluşyk harytlary dükanyny öz içine alýar. Söwda merkeziniň çäginde çörek bişirilýän kärhana hem bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: