YKDYSADYÝET

Nebithimiýa pudagynyň we ýeňil senagat kärhanalarynyň önümleri eksporta ugradylýar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen EKO-5 kysymly gidroarassalanan dizel ýangyjyny hem-de suwuklandyrylan gazyny daşary ýurt puluna satyn aldylar. BAE-niň, Türkiýäniň, Polşanyň, Owganystanyň işewürleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polietileni satyn aldylar. Şeýle hem, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri nah ýüplügi satyn aldylar.

Beýik Britaniýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň telekeçileri türkmen manadyna ýod erginini hem-de nah ýüplügi satyn aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: