YKDYSADYÝET

Awazada Türkmenaitanyň wekilleri 31,5 million dollarlyk şertnama baglaşdylar

Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet we hususy kärhanalarynyň hem-de olaryň geljekki hyzmatdaşlarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi, olaryň barşynda özara gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlar we anyk taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Türkmenistsn bu gün» döwlet habarlar agentliginiň habar bermeginde görä, ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň kompaniýalary bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 131,5 million dollaryna barabar bolan, eksport we import ugurly hem-de hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň 74-sini baglaşdylar. Olar oba hojalyk we azyk önümlerini, plastik turbalary, dürli görnüşdäki polimer önümlerini ibermek, ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bilen bagly işleri öz içine aldy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň çäklerinde möhüm pudagara resminamalaryň 11-sine gol çekildi. Olar aýry-aýry taraplaryň birnäçe ugurlarda, şol sanda ulag, halkara konteýner we multimodal ýük daşamalary, senagat, nebitgaz we elektroenergetika ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek pikirini tassykladylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: