JEMGYÝET

Lebap welaýat çaphanasynda okuw depderleri çykarylýar

Lebap welaýat çaphanasynda şu günler orta mekdepleriň okuwçylary üçin depderleri çykarýarlar. Bu ýerde eýýäm 2-nji synp okuwçylary üçin rus dilinden №1 we №2 depderleriniň hersinden 158 müň sanysy eýýäm taýýar edildi. Çaphanada edaralardan, kärhanalardan we ilatdan gelýän sargytlara görä dürli çap önümlerini çykarýarlar. Önümleriň ýokary hilli bolmagy olara bolan islegiň ýokary bolmagyny şertlendirýär. Ýakynda çaphana telekeçilerden hem mekdep okuwçylary üçin surat depderlerini we gündelikleri taýýar etmäge hem sargyt aldy. Olar üçin  sargyt edilen harytlaryň müňlerçesi öndüriler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: