JEMGYÝET

Türkmenistanly talyplar Türkmenabatdan Moskwa uçdular

Russiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 194 ýolagçyny alyp gitmek üçin Türkmenabatdan Moskwa uçar gatnawyny guradylar, diýip diplomatiki wekilhananyň resmi saýtyna salgylanmak bilen, «turkmenportal.com» ýazýar.

Maglumatlara görä, Russiýanyň Ilçihanasy S78536 gatnawyny Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmenistanly talyplar üçin gurapdyr.

«Сибирь» awiakompaniýasynyň «Airbus A321» borty «Домодедово» aeroportyna Moskwa wagty bilen 13 sagat 43 minutda «Домодедово» aeroportyna düşdi.

Bu koronawirus pandemiýasy sebäpli Türkmenistan bilen yzygider uçar gatnawlarynyň togtadylanyndan soň 2020-nji ýylyň martyndan bäri alyp gitmek üçin guralan 30-njy gatnawdyr.

2019/2020-nji okuw ýylynda Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda Türkmenistandan 36 müň talyp okapdyr. Bu maglumatlary «Study in Russia» getirýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: