JEMGYÝET

Aşgabatda Halkara habarlar merkezini açmak göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzüminde Halkara habarlar merkezini açmak teklip edilýär. Merkeziň esasy wezipeleri ýurdumyzda bolup geçýän möhüm wakalara bagyşlanan gepleşikleri, gysga göwrümli dokumental filmleri, wideorolikleri taýýarlamakdan we daşary ýurtlaryň teleradioýaýlymlarynda görkezmekden, ýörite neşirleri çap etmekden hem-de beýlekilerden ybarat bolar.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2-nji dekabrda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: