Türkmenistanyň Halk Maslahatyna wekiller saýlanyldy
Lebap welaýat halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Halk maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekillerini saýlamak meselesine seredildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatyna jemgyýetçiligiň wekilleri saýlamak «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion Kanunyna laýyklykda alnyp baryldy. Bellenilen möhletlerde Türkmenabat şäherinden we etraplardan olara dalaşgärler görkezildi. Welaýat halk maslahatynyň mejlisinde olaryň sanawy ara alnyp maslahatlaşyldy we jemlenilip, welaýat boýunça sanawy tassyklanyldy. Degişli guramaçylyk meseleleri çözülenden soň dalaşgärleriň atlary we familiýalary gizlin ses bermek üçin býulletenlere girizildi. Soňra welaýat halk maslahatynyň agzalary gizlin ses bermek arkaly sentýabr aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatyna Lebap welaýatyndan gatnaşjak wekilleriň sanawy belli edildi.