«Arassa kenara» isleg uly

 2019-njy ýyldan bäri Dänew etrabynda kafel üçin ýelimiň, suwag üçin garyndynyň, boýagdan öňki gruntlamanyň önümçiligi alyp barýan «Arassa kenar» hususy kärhanasynda ýokary hilli gurluşyk serişdeleri öndürilýär. Kärhanada aýda 60 tonna golaý suwag üçin garyndy, boýagdan öňki gruntlama, 30 — 40 tonna kafel üçin ýelim öndürmäge mümkinçilik bar. Önümçilikde ýerli çig maldan peýdalanylýar. Önümler ýurdumyzyň söwda nokatlarynda alyjylara ýetirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector