JEMGYÝET

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ÝUNESKO-nyň kluby açyldy

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda « Parahatçylyk dilleri» atly kluby açyldy. TDH agentliginiň habar bermegine görä, bu Türkmenistanda şular ýaly klublaryň ilkinjisidir. Bu taslamany ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty we bu ýokary okuw mekdebiniň rektoraty durmuşa geçirdiler.

ÝUNESKO-nyň «Parahatçylyk dilleri» kluby bu ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň, aspirantlarynyň hem-de mugallymlarynyň meýletin jemgyýetçilik birleşmesi görnüşindedir. 

ÝUNESKO-nyň «Parahatçylyk dilleri» klubunyň alyp barýan işiniň esasy ugurlary: medeniýetleriň arasyndaky aragatnaşyklar, ylym-bilim taslamalaryna gatnaşmak bolup durýar. Işleriň çäklerinde DÖM 4 – Bilim-2030 maksatnamasyna gatnaşmak boýunça forumlary we okuw maslahatlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Klub ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary hem-de medeniýet merkezleri we ÝUNESKO-nyň klublarynyň sebitleýin Assosiasiýalary bilen hyzmatdaşlyk eder. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: