Alymlar içinden elektronlaryň suwuklyk ýaly bolup akýan metal garyndysyny döretdiler
Amerikaly alymlar fononlaryň kwazibölejikler bilen özara tasiriniň netijesinde elektronlaryň turbadan suw akyşy ýaly hereket edýän metal garyndysyny döretdiler, diýip «stolica-s.su» ýazýar.
Bu täsin ýagdaý. Sebäbi elektronlar metallarda topar hökmünde itergi alman, aýratyn bölejikler hökmünde hereket edýärler.
Boston kollejiniň alymlary tejribeleriň esasynda elektron-fonon suwuklygynyň teoriýasyny oýlap tapdylar. Hadysa niobiý bilen germaniniň (NbGe2) garyndysyndan alnan ýokary geçirijilikli metalda ýüze çykýar. Geljekde bu täze görnüşli elektron enjamyny döretmäge getirip biler diýlip aýdylýar.