DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Lenovo “kagyz” ekrany bolan planşet hödürledi

Lenovo täze “Xiaoxin Pad Plus Comfort Edition” planşetini hödürledi. “Gizmoçinanyň” ýazmagyna görä, täze önümiň aýratynlygy kagyza meňzeş görkezýän ekranydyr.

Ýagny onda, diagonaly 12,7 dýum we 2944 × 1840 ölçegdäki bolan “kagyz” ekrany bar. Ekran “E-Ink” tehnologiýasy arkaly ýasalandyr. Ol enjamy uzak wagtlap ulananyňyzda gözüň ýadawlygyny azaldýar.

Planşetde 8 ýadroly prosessor bar, ýöne “Lenovo” çipiň anyk modelini görkezmeýär. Planşetde 8 Gb çalt ýady we 128 Gb ammary bar. Enjam ýedi sagada çenli üznüksiz wideo görmegi üpjün edip bilýän 10,200 mAh batareýada işleýär.

Suratlar we wideolar üçin 8 megapiksel kamera we 13 megapikselli “öň kamera” ýüzi kesgitlemek üçin ulanylýar. Mundan başga-da, “Dolby Atmos” goldaýan dört sany dinamik oturdylandyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: