DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Alymlar orangutanlaryň täsin ukyplaryny ýüze çykardylar

Germaniýaly alymlar iýmit almak üçin enjamlardan peýdalanmagy başarýandyklaryny ýüze çykardylar. Olaryň käbirleri «çekijiň» kömegi bilen hoz çakmagy başardylar, diýip «lenta.ru» ýazýar.

Hoz çakmak üçin enjamdan peýdalanmak haýwanat dünýäsinde iň çylşyrymly ýumuşlaryň biri. Häzirki wagtda muny ýabany tebigatda şimpanzeniň, kapusynyň we makakiniň başarýandygy belli. Týubingen uniwersitetiniň alymlary orangutanlaryň hem muny başarýandygyny ýüze çykardylar. Olar 12 maýmynyň (döwrdüsi Leýpsigiň we sekizi Sýurihiň haýwanat bagynda saklanylýar) özlerini alyp baryşlaryny synladylar. Maýmynlara hoz, bir bölek agaç (çekijiň deregine), sandalyň ýerini tuýan töňňe beripdirler. Dört orangutan alymlary beren agaç çekiçlerinden üstünlikli peýdalanypdyrlar. Emma olryň hereketlerini beýlekilere gaýtalamak başartmandyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: