BILIM

Mugallymlar tejribe alyşdylar

Şu gün Türkmenabat şäherinde we Lebap welaýatynyň etraplarynda mugallymlaryň üç günlük usuly-amaly okuwlary tamamlandy.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda üç günüň dowamynda geçirilen okuwlarda öz hünärine ussat, tejribeli, okuw-terbiýeçilik işlerini ylmy esasda guraýan, okatmagyň täze usullaryny ulanýan, döredijilikli işleýän mugallymlar kärdeşleriniň öňünde çykyş etdiler. Olar öz toplan tejribeleri bilen tanyşdyrdylar.  Şonuň ýaly-da, mugallymlar täze okuw ýylynda öňlerinde duran wezipeler, okuw dersleriniň maksatnamalarynyň gurluş aýratynlyklary, okuw kitaplary bilen işlemegiň usulyýeti barada pikir alyşdylar. Okatmagyň täze usullaryny iş tejribesine ornaşdyrmagyň, okuwçylaryň özbaşdak bilim almak, olara öwrenenlerini durmuşda ulanmak, bütin ömüriniň dowamynda okamak endiklerini bermek ýaly we başga-da köp meseleleriň üstünde durup geçdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: