«Mail.ru»-nyň ýazmagyna görä, häzirlikçe gürrüň energiýany birnäçe santimetr aralyga bermek barada gidýär. Bu barada entek resmi taýdan aýdylmady. Görkezmek üçin taýýarlanylan ýörite wideorolikde süýşürilýän (6,7 — 7,4 dýumli) ekranly «Oppo X 2021» smartfony energiýa berýän stansiýada biraz aralyga galdyrýarlar, ýöne şonda-da ol zarýad almagyny dowam etdirýär.
Aýtmaklaryna görä, zarýadyň kuwwaty 7,5 wattdan köp däl. Üstesine-de, şu wagt «Oppo»-nyň täze tehnologiýasyna degişli belli bolan maglumatlaryň barysy şunuň bilen tamamlanýar. Tehnologiýanyň häsiýetnamasy, nähili aralyga täsir edýändigi, satuwa çykaryljak möhleti barada belli bir maglumat ýok.
Geljekde telefona simsiz zarýad bermek mümkin bolar
09
Mar
