Meksikaly boksçy Saul Alwares super orta agramda boks boýunça dünýäniň absolut çempiony boldy. Ol amerikaly Kaleb Planty nokauta iberdi. Bu barada «Российская газета» ýazýar.
7-nji noýabra geçilýän gije Las-Wegasda boks boýunça turnir geçirildi. Onuň esasy tutluşygynda super orta agramda WBC, WBA we WBO wersiýalary boýunça guşaklaryň eýesi Saul Alwares we IBF-niň çempiony Kaleb Plant duşuşdylar. 11-nji raundda plant nokautda boldy, ýöne ýerinden galmagy başardy. Alwares dessine garşydaşynyň üstüne urgy baryny ýagdyrdy, netijede amerikaly ýykyldy, referi bolsa tutluşygy saklady. 31 ýaşly Alwares 57 ýeňşiniň 39-ysyny nokaut bilen gazandy. Ol şu agram derejesiniň taryhynda dünýäniň ilkinji absolýut çempiony boldy.