Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginde ýüpek halylaryny dokaýarlar

Aug 16, 2021

Üstümizdäki ýylyň ýedi aýynda Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginde 56 inedördül metr ýüpek haly dokadylar.

Halylar iki, dört, alty inedördül metrlikde bolup, önüm sargytçylara ugradyldy. Ýüpek halylary dokamak örän inçe iş bolup, ol örän köp wagty we zähmeti talap edýär. Mysal üçin 50 inedördül metr haly dokamak üçin takmynan ýarym ýyl wagt sarp etmeli. Häzir bu ýerde hut şeýle ölçegli haly dokalýar. Oňa şu ýylyň maý aýynda girişdirler. Ony dokamaga sekiz halyçy gatnaşýar. Geçen ýylyň sentýabrynda bolsa 80 inedördül metr ölçegdäki halyny dokap başladylar. Onuň boýy 10,5 metre, ini 7 metr 80 santimetre barabar bolar. Bu işe on gyz gatnaşýar.

Adblock
detector