JEMGYÝET

Türkmenabatly telekeçi milli lybaslary dünýä bazaryna çykarmakçy

Türkmenabatly telekeçi Mähri Baltaýewa ýolbaşçylygyndaky gelin-gyzlaryň tikýän milli lybaslaryny geljekde dünýä bazaryna çykarmagy meýilleşdirýär. Ol bu barada welaýat gazetiniň habarçysyna gürrüň berdi.

Neşiriň ýazyşy ýaly, onuň kiçi tikinçilik kärhanasy şäherdäki «Daýhan» bazarynda ýerleşýär. Kärhananyň elleri ezber tikinçileriniň işleri ýakynda Türkmenabat şäherinde geçirilen sergä gatnaşyjy daşary ýurtly myhmanlaryň hem ünsüni özüne çekdi.

Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID) we ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty tarapyndan el işleriniň eksportyny goldamak maksatly geçirilen sergide ýörite maksatnamanyň uçurymlary telekeçi zenan bilen gepleşikleri geçirip, el işlerine daşary döwletlerde hem hyrydaryň kändigini aýtdylar. Häzirki wagtda taraplar taýýar zenan lybaslaryny dünýä bazaryna çykarmagyň ýollary babatynda işleşýärler.

Bu ýerdäki gözellikler öz işine ezber gelin-gyzlaryň 10-synyň elinden önýär. Gelin-gyzlaryň hiç biriniň hem gözüni aýryp bilmeýän ýakalarynyň asyl pikiri, dizaýny Mähriniň özüne degişli.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: