DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Beýik Britaniýa syýahat etmegiň ulgamyny ýeňilleşdirmekçi

Britan hökümeti koronawirus zerarly girizilen baryp gelinýän ýurtlary ýaşyl we sary reňklere bölýän «ýolyşyk» ulgamyny ýatyrmakdy. Bu barada «The Sunday Times» gazetine salgylanmak bilen «ТАСС» habar berýär.

Häzir sary sanawa girýän 140 ýurtdan gelýän adam koronawirusy anyklamak üçin iki gezek barlagdan geçmeli we on gün hiç ýere çykman ýaşamaly. Ýaşyl sanawdaky ýurtlardan gelýänler bir gezek barlagdan geçmeli, hiç ýere çykman ýaşamak hem gerek däl. 19-njy iýuldan başlap bolsa koronawirusdan sanjym alan bolsalar, hatda sary sanawdaky ýurtlardan gelýänler hem karantinde oturmakdan boşadylypdy. «Evening Standard» gazetiniň berýän maglumatlaryna görä «ýolyşyk» ulgamyny 1-nji oktýabrdan ýatyrarlar.

Täze düzgün barada ertir, 14-nji sentýabrda habar bermekleri mümkin.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: