MEDENIÝET

Lebaply kompozitor döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Lebap welaýatynda geçirilýän baýramçylyk dabaralarynda görnükli sungat ussatlary tarapyndan ýerine ýetirilýän aýdymlaryň aglabasynyň kompozitory ― welaýat medeniýet merkeziniň saz ugry boýunça esasy usulyýetçisi Ýazmyrat Derýaýew şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

Saza maýyl bolan Ýazmyrat zehinli sazanda hem-de kompozitor hökmünde diňe bir gündogar sebitde däl, eýsem, tutuş ýurtda-da giňden tanalýar. Welaýatdaky we döwlet derejesindäki baýramçylyk dabaralarynda, döwlet konsertlerinde ýaňlanýan joşgunly aýdymlaryň sazlaryny döretmek hem zehinli kompozitora ynanylýar.

Ýazmyrat mundan dokuz ýyl ozal welaýat ýörite sungat mekdebiniň kirişli saz gurallar bölümini kontrabas hünäri boýunça tamamlady. Ol Türkmenistanyň halk artisti Dilber Rahmanowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Dosmämet Söýünow, şeýle-de Gözel Joraýewa, Pöwrize Gulamowa ýaly belli aýdymçylaryň ýerine ýetirýän aýdymlarynyň sazlaryny döredýär.