JEMGYÝET

Türkmenabatda ýangyn howpsuzlygyna bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi

Türkmenabat nebit önümleri kärhanasynda geçirilen okuw maslahaty kärhanada, onuň şahamçalarynda we ýangyç guýujy beketlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine jogapkär işgärleriň hem-de meýletin ýangyn söndüriji toparlaryň agzalarynyň bilimlerini ýokarlandyrmak meselelerine bagyşlandy.

Çäräniň dowamynda degişli hünärmenler çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň baýlyklaryny, döwletiň we hususy hojalyklaryň emläklerini ýangyndan ygtybarly goramak boýunça kesgitlän wezipelerine laýyklykda ýerlerde anyk we netijeli işleriň alnyp barylmalydygyna üns çekdiler.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylary welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň ýanyndaky ýangyn-tehniki merkeziniň zalynda toplanan ýangyn-tehniki serişdeler, görkezme esbaplar bilen tanyşdyrdylar. Şeýle-de olara nebit önümçiliginde ýangyn howpsuzlygyna bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.