YKDYSADYÝET

Ahal welaýatynda güýzlük bugdaýyň ekişine taýýarlanýarlar

Ahal welaýatynda 195 müň gektar meýdana güýzlük bugdaý ekmeklik göz öňünde tutulýar. Welaýatyň oba zähmetkeşleri bu jogapkärli möwsüme taýýarlykly barýarlar.

Ekiş üçin göz öňüne tutulan ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilip, doly taba getirilýär. Şonuň bilen bir hatarda, tehnikalaryň taýýarlygyna aýratyn üns gönükdirilýär. Ekişde etraplardaky Tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň hem-de daýhan birleşikleriniň ekiji tehnikalarynyň jemi 500-den gowragynyň hyzmatyndan peýdalanmak meýilleşdirilýär. Abatlaýjy ussalar tarapyndan ekiji tehnikalar doly gözden geçirilip, taýýarlyk hatarynda goýulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: