YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda geçen ýylkydan köp gök önüm öndürildi

Lebaply gök ekerançylar ilaty ýokuma baý önümler bilen bolelin üpjün etmek işinde ýokary netijeleri gazanýarlar. Olar tarapyndan şu ýylyň geçen ýedi aýynda gök önümleriň 74,6 müň tonnasy öndürildi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önümleriň 5,7 göterim köp öndürilendigini görkezýär. Möhüm işde Çärjew etrabynyň daýhanlary has tapawutlanýarlar. Häzire çenli öňdebaryjy etrapda gök önümleriň 13,3 müň tonnasy öndürildi. Bu görkeziji Dänew we Kerki etraplarynda degişlilikde 12 müň hem-de 10,3 müň tonna barabar boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: