YKDYSADYÝET

«Miwe merkezi» dürli gaplamalary taýýarlap başlady

Öz işlerini Hojambaz etrabynyň çäklerinde alyp barýan «Miwe merkezi» hojalyk jemgyýetine degişli 10 gektarlyk bag şu ýyl ilkinji miwelerini berip başlady. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýty ilkinji erik hasylyndan eýýäm gaplamalaryň taýýarlanyp başlanandygyny habar berdi.

Bu hojalyk jemgyýetiniň ekin meýdanynda ýetişdirilýän erik, alma, ülje ýaly dürli görnüşli miweli baglar kadaly ösüp, olardan şu ýyl bol hasyla garaşylýar. Aýratyn bellemeli zat bolsa, bu baglara ideg edýän ussat bagbanlar eýýäm ir ýetişýän eriklerden ilkinji hasyly ýygnap başladylar. Owadan görnüşe eýe bolan irbişer erikler her günde hojalyk jemgyýetiniň gaplama işlerini alyp barýan kärhanasyna geçirilýär.

Bu kärhanada gowy ýuwlup, arassalanan eriklerden miwe şire suwlary taýýarlanylyp, olar 3 litrlik gaplara gaplanylýar. Günüň dowamynda 350 ― 400-e golaý gap önüm öndürilip, ol önümler ekologiýa taýdan arassalygy, tebigylygy bilen tapawutlanýarlar. Miwe şire suwlary taýýar önüm görnüşinde içerki sarp edijilere ýetirilýär. «Miwe merkezi» hojalyk jemgyýetiniň taýýar gaplama önümleri ýerli çagalar baglaryna ugradylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: