Maryda täze demir ýol köprüsi açyldy

Garagum derýasynyň 316-njy kilometrinde akabanyň üstünden geçýän, «Gurbangala — Zähmet» demir ýol böleginde täze, döwrebap demir ýol köprüsi açylyp  ulanmaga berildi.

Desgany «Türkmendemirýollary» agentliginiň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 6-njy şahamçasynyň gurluşykçylary gurdular. Köpriniň Garagum derýasynyň üstünden geçýän böleginiň uzynlygy 250, eňňitleri 750 we 562 metre deňdir. Köpriniň gurluşygynda Russiýa Federasiýasynyň «Týumenstalmost» kärhanasyndan getirilen, demir ýol gurluşygynda ulanylýan gurluşyk önümleri hem-de ýerli gurluşyk enjamlary peýdalanyldy.

Açylyş dabarasynda Garagum derýasynyň kenarynda gurnalan sahnada welaýatyň medeniýet, sungat işgärleri joşgunly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Gurluşykda tapawutly zähmet çeken gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýörite bezelen baýramçylyk otlusy täze gurlan döwrebap demir ýol köprüsinden ilkinji bolup geçdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector