BILIM

29 müňe golaý körpe mekdebe barar

Şu ýyl Lebap welaýatyndaky orta mekdeplerde körpeleriň 29 müňe golaýy birinji synpa okuwa barar. Olara täze okuw ýylynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan noutbuklar sowgat ediler.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ýaşlaryň 1175-si, Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde 150-si, Lebabyň ýörite sungat mekdebinde 70-si hem-de welaýatdaky orta hünär okuw mekdeplerinde ýüzlerçesi talyplygynyň ilkinji ýylynda bilim almaga girişer.

Şeýle hem welaýatda ýaş hünärmenleriň 700-e golaýy mugallymçylyk kärine gadam goýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: