TÜRKMENISTAN HABARLARY

Malaý gaz käninde (Türkmenistan) gaz gysyjy bekediň gurluşygy tamamlandy

Malaý gaz käninde tebigy gazy gysyjy desganyň gurluşygy tamamlandy we işe girizilmäge taýýar edildi. Onuň kuwwatlylygy bir ýylda 30 milliard kub metr tebigy gazy akdyrmaga ukyplydyr. Ýakyn günlerde onuň açylyş dabarasynyň bolmagyna garaşylýar.
Desga «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Petro Gaz LLP» (Beýik Britaniýa) kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda guruldy. Onuň iki sany sehi bolup, olaryň biri Malaý gaz käninden gelýän tebigy gazy, ikinjisi Üçajy, Dowletabat we Galkynyş gaz känlerinden gelýän gazyň basyşyny galdyrmak üçin niýetlenendir.
Beket 11 gektar meýdany eýeleýär. Ol ýerde önümçilik desgalary, elektroenergiýa üpjünçilik ulgamlary, edara, hojalyk we kömekçi jaýlar, operatorlar üçin binalar, ýangyn söndüriji bölüm, mehaniki ussahanalar, ýangyç we impuls gazy taýýarlaýan, azot we kislorod öndürýän bölümler bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply