TÜRKMENISTAN HABARLARY

14-nji noýabrda Aşgabatda oba hojalygyna bagyşlanan sergi we maslahat geçiriler

11-nji noýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň agzalarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň pagtaçylarynyň “ak altyn” tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berip, Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy.

Meýilleşdirilen çäreleriň dowamynda has tapawutlanan kärendeçilere döwlet sylaglary, obasenagat toplumynyň işgärlerine, bugdaýdan, pagtadan we beýleki ekinlerden bol hasyl ösdürip ýetişdirýän kärendeçilere, mehanizatorlara, pudagyň tejribeli daýhanlaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşurylar we baýramçylyk konserti bolar. 14-nji noýabrda Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ýeten derejesine bagyşlanan sergini we ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow zähmetde tapawutlanyp, ýokary netijeleri gazanan oba hojalyk işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak baradaky Permanlara gol çekdi we degişli ýolbaşçylara şu ýyl ýerden ýokary hasyl alyp, gowy netijeleri gazanan daýhanlary 13-nji noýabrda “Mekan” köşgünde sylaglamak çäresini ýokary derejede geçirmegi we oba hojalyk işgärlerine döwlet sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy, şeýle hem häkimler bilen bilelikde Hasyl toýuna bagyşlanan ähli çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: