TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenabatdaky kärhana has kuwwatly bolar

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy Türkmenabat şäherinde ýylda 500 müň önüm öndüripjek kuwwatly kärhanany gurar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, ministrlik tarapyndan şu ýylyň tomsunda elektron senagaty kärhanalarynyň sebitlerdäki şahamçalaryny açmak barada milletiň Liderine teklipler berildi. Şolaryň arasynda «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasynyň Türkmenabatdaky şahamçasy hem bar.
Eger häzir Aşgabatdaky kärhanadaky ýylda 200 müň öndürilýän bolsa, Türkmenabatda guruljak has kuwwatly kärhanada bu sany 500 müňe çenli çykarmaga mümkinçilik bolar. Kärhana häzirki wagtda elektron gurluşlaryň 30-dan gowrak görnüşini öndürýär.
Şu ýyl kärhana ýurdumyzyň orta mekdepleriniň birinji synp okuwçylaryny has kämil noutbuklar bilen hem üpjün etdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply