MILLI BAÝRAMÇYLYKLARTÜRKMENISTAN HABARLARY

Şu gün Türkmenistanda Oraza baýramy bellenilýär

Şu gün bütin Türkmenistanda bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem Oraza baýramy bellenilýär. Remezan aýynyň tamamlanmagy, Baýram aýynyň başlanmagy mynasybetli däp-dessurlar berjaý edilýär. Oraza baýramynyň öň ýanynda gonamçylyklarda arassaçylyk we abatlaýyş işleri geçirildi. Baýramçylyk güni irden okalan aýatlarda, dogalarda il saglygy, ýurt abadançylygy, asmanyň asuda bolmagy dileg edilýär.
Soňra adamlar öten-geçenlerini ýatlamak üçin gonamçylyklara barýarlar, bu ýerde hem aýat okaýarlar we ýagşy niýetleri edýärler, sadaka berýärler. Baýramçylyk güni gadymdan gelýän däp-dessurlar berjaý edilýär, öýlerde dürli tagamlar taýýarlanylýar, biri-biriniňkä myhmançylyga barýarlar, duz-tagam dadylýar. Erkek kişiler golaýda dünýäden ötenleriň öýlerine aýlanyp duz-çörek dadyp, aýat-töwir okaýarlar, belanyň yzynyň kesilmegini dileg edýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply