TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri 23 resminama gol çekdiler

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana saparynyň çäklerinde türkmen-özbek özara gatnaşyklarynyň köp granly ugurlarynyň ählisini diýen ýaly alýan 23 resminama gol çekildi, diýip «orient.tm» habar berýär.

Ulag, üstaşyr ýük daşalyşy, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar babatynda, şol sanda ýustisiýa, durmuş goraglylygy, statistika, ösümlikleriň karantini we goragy, ylym we medeniýet ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk giňeltmek boýunça möhüm resminamalara gol çekildi.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň liderleri bilelikdäki Beýannama kabul etdiler. Onda ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri beýan edildi, türkmen-özbek strategiki hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem berkitmegiň geljegi bar ugurlary kesgitlenildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: