BIZE YAZYARLAR

Tebigat bilen ynsanyň sazlaşygy

Solmaýan reňklerden nepis halylary dokaýan gelin-gyzlar mydama tebigat bilen sazlaşykda ýaşapdyrlar. Biziň tebigy  aýratynlyklarymyz ösümliklerde dürli biologik maddalaryň toplanmagy üçin amatly şertleri döredýär. Şeýle bolansoň ata-babalarymyz uzak geçmişiň dowamynda şol ösümlikleriň gülüni, miwesini, ýapragyny, baldagyny, gabygyny, köküni we şiresini dürli sökellikleri bejermekde ulanyp gelipdirler. 

Türkmenistanyň tebigaty, ösümlik we haýwanat dünýäsi baradaky maglumatlar irki golýazma çeşmeleri hasaplanýan duş gelýär. Bu awtorlar öz işlerinde türkmen topragynda köp ösümlikleriň ösýändigini aýdyp, ilatyň olary diňe bir iýmit hökmünde däl, eýsem, deri eýlemekde, ýüň, ýüpek, nah sapaklaryň boýamakda, derman serişdelerini ýasamakda giňden peýdalanandyklaryny belläpdirler.

Parasatly pederlerimiz  kitaplara, kagyzlara zyýan ýetirýän mörjewlere, heň kömeleklerine we gemrijilere garşy awuly, antiseptik häsiýetli ösümlikleri ulanypdyrlar. Bu bolsa olaryň ruhy gymmatlyklara çäksiz sarpa goýandyklaryna güwä geçýär. Olar dürli gülleri, ýapraklary golýazma kitaplaryň sahypalarynyň arasynda goýup, zyýan berijileriň gymmatly golýazmalary zaýalamagynyň öňüni almagy başarypdyrlar. Häzire çenli kitabyň arasynda gülüň gabygyny we ýapragyny goýmak däbi bar. Şeýle-de syýalaryň hilini gowulandyrmakda, olara ýakymly ys bermekde ösümlikler giňden ulanylypdyr. 

Ata-babalarymyz käbir otlaryň owradylan kökünden ýelim taýýarlapdyrlar. Kagyz önümçiliginde zerur bolan kalini we sodany sazak, ojar, çerkez, garagan, ketgen, çogan we şortak ýaly ösümliklerden alypdyrlar. Kagyzy reňklemek üçin ösümlik boýaglaryny ulanypdyrlar. Mysal üçin tut agajynyň gabygyndan sary boýag, guşgonmaz gülünden gyrmyzy boýag we zagpyran gülünden gök boýag alnypdyr. Kagyz reňk alansoň, oňa bugdaý krahmalynyň petini çalyp, daş bilen sürtüp ýalpyldadypdyrlar. 

Aýna Öwezowa,

Saýat etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň himiýa mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: