BIZE YAZYARLAR

BILIM ULGAMY – ÖSÜŞIŇ MÖHÜM ŞERTI

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasaty, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we ýaş nesliň kämil bilim almagyna, geljekde Watanymyzyň kuwwatyny artdyrjak ussat hünärmenleriň ösdürilip ýetişdirilmegine gönükdirilendir. Bu babatda ýaşlara berilýän bilimiň has çuň bolmagy hem-de okadylýan dersleriň dünýä derejesine çykmagy üçin döwlet tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Şonuň bilen bir hatarda, ulgama sanly tehnologiýalaryň we innowasion tilsimatlaryň ornaşdyrylmagy babatda göz öňünde tutulan maksatlar durmuşa geçirilýär. Şol maksatdan ugur alnyp, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi we bu Konsepsiýadan gelip çykýan wezipeler häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Konsepsiýa ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny kesgitlenildi. Konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, orta we ýokary okuw jaýlarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden, ýaşlaryň hünär ussatlygyny gazanmakdan ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman bilim ulgamyny ösen tehnologiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şeýlelikde, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň tehniki serişdeleri bilen üpjünçilik ýagdaýyna uly üns berilýär. Şeýle tehnologiýalar iş ýüzünde mugallymlaryň, talyplaryň hem-de okuwçylaryň mümkinçiliklerini artdyrýar. Ýurdumyzyň ýokary we orta mekdeplerini täze kompýuterler bilen üpjün etmek, olary internet toruna berkitmek bilen bagly işler ýurdumyzda alnyp barylýan bilim syýasatynyň esasyny düzýär. Şol işleri amala aşyrmak üçin dünýäniň atly-abraýly kompaniýalaryň önümleri saýlanylyp alynýar. Şeýle-de kompýuterleriň öz ýurdumyzda öndürilmäge başlamagy hem aýratyn bellemäge mynasypdyr.

Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi okatmak işinde birnäçe ýeňillikleri döredýär hem-de işiň netijeliligini artdyrýar. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audio ýazgylar okuwçylaryň hem-de talyplaryň has giň möçberdäki maglumaty kabul etmegine ýardam edýär. Ýagny, maglumat birbada görüş we eşidiş ýollary arkaly kabul edilýär. Şeýle-de bu mümkinçilikler ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýä jemgyýetiniň ösüşi bilen deň gadam urmagyna ýardam edýär.

Aýdyň Tagaýewa,

 «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.  

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: