BIZE YAZYARLAR

Welaýat bäsleşigi geçirildi

Arkadagly  Serdarymyzyň  baştutanlygynda  ″Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar″  ýylynda  ýaş  nesliň  döwrebap, kämil, köptaraplaýyn bilim almak ugrunda  uly tagallalar  edilýär. Ynha  bu gün  hem  Lebap welaýatyň Çagalar sazçylyk we sungat mekdepleriniň  arasynda ýylyň-ýylyna geçirilýän döredijilik bäsleşiklerine badalga berildi. Her ýyl däp  bolup gelýän bäsleşikleriň şu ýylky tapgyryny açmak sungat mekdeplerinde hereket edýän skripkaçylar ansambllarynyň  paýyna  düşdi. Bu dabara Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň konsertler zalynda geçirilip, welaýatymyzyň  ähli  künjeklerinden  ençeme toparlary  bu ýere ýygnady. Olar  öz  sungatyny  ýokary  derejede  görkezmegiň  hötdesinden  geldiler. Bäsleşige  welaýatymyzyň Türkmenabat şäherindäki, Saýat etrabynyň Sakar şäherindäki, Saýat etrabynyň  Garabekewül şäherindäki, Çärjew  etrabynyň, Çärjew etrabynyň Farap şäherindäki,  Dänew etrabynyň, Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk şäherindäki,  Köýtendag etrabynyň, Köýtendag etrabynyň  Magdanly şäherindäki  çagalar sazçylyk we sungat mekdepleriniň  ansambllary gatnaşdy. Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň düzen düzgünnamasy boýunça bäsleşikde toparlar üç sany saz eserlerini emin agzalaryň öňünde ýerine ýetirmelidiler.Ýagny: akkompanementli (sazandar bilen bilelikde)  türkmen kompozitorynyň, soňra daşary ýurt kompozitorynyň  wirtuoz häsiýetli we  topar ýolbaşçynyň islegine görä akkompanementsiz. Çagalar skripkaçylar toparlarynyň  ýerine ýetiren sazlarynyň  meýilnamalary  hem  özüniň  köpdürliligi, çylşyrymlylygy  bilen  haýran  galdyrýar. Bäsleşigiň ýeňijileri bolan welaýat çagalar sungat mekdebiniň ″Bagtyýarlyk″ ansamblynyň (ýolbaşçysy  mugallym Sardarýan S.A.) ýerine ýetirmeginde beýik türkmen  kompozitory N. Halmämmedowyň ″Türkmenistan″ simfoniýasynyň üçünji bölümi, A.Agajykowyň ″Türkmen tango″, M.Makkleanyň ″Çardaş″ şeýle-de Türkmenabat şäheriniň  2-nji çagalar sungat mekdebiniň skripkaçylar  toparynyň(ýolbaşçysy Jorakulowa G.) meýilnamasynda Ž.Bizeniň-R.Şedrinyň ″Karmen-sýuita″ transkripsiýasyndan ″Habanera″, Ýe.Derbenkonyň Skerso,  A.Agajykowyň ″Galkynyş″ atly ajaýyp eserleri ýaňlandy.  Köýtendag etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň toparynyň (ýolbaşçysy mugallym Joraýew S.) ussatlyk bilen ýerine ýetirmeginde rus sazynyň nusgawy kompozitorlarynyň biri bolan P.Çaýkowskiniň ″Ukudaky gözel″ atly baletinden Wals, zehinli türkmen kompozitory A.Agajykowyň  Kirişli kwartetiniň 4-nji bölümi we görnükli  italýan kompozitory A.Wiwaldiniň ″Ýylyň pasyllary″ toplumyndan ″Tomus″ bölümi  ýaňlanyp, bäsleşigiň ikinji  ornuna mynasyp boldy. Saýat etrabynyň Sakar şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň topary (ýolbaşçysy K.Allaberdiýew) Ýe.Derbenkonyň ″Ekspromt″, N.Halmämmedowyň ″Geler″ atly romansynyň topar üçin işlenen görnüşini şeýle-de argentinaly kompozitor H.Rodrigesiň meşhur ″Kumparsita″ ýaly ajaýyp eserleri  ýerine  ýetirip, bäsleşigiň  üçünji ornuna  eýe  boldular. Ähli  ýeňijilere  geljekde-de  sungat  äleminde  uly  üstünlikleri  arzuw  edýäris.

Lebap welaÿat çagalar sungat mekdebiniñ mugallymy Leÿla Waliÿewa

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: