Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde ýurdumyz dünýäniň birnäçe halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Soňky ýyllarda ak mermerli paýtagtymyz barada aýdylýan “Parahatçylyk şäheri”, “Aziýanyň Ženewasy”, “Merkezi Aziýanyň ýüregi “ ýaly jümleler her bir türkmen raýatyny buýsandyrýar. Bularyň ählisi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň paýtagty Aşgabat şäheriniň halkara giňişligindäki abraýynyň barha artmagyny şertlendirýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ilkinji Bitarap döwletiň paýtagty hökmünde onuň parahatçylyk dörediji, möhüm ähmiýetli geosyýasy, medeni, ykdysady merkez babatdaky derejesini has-da pugtalandyrýar.
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň özboluşly aýratynlygy onuň köp ugurlylygy bilen baglanyşyklydyr. Aşgabat şäheri ýurdumyzyň diňe bir syýasy we ykdysady merkezi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, taryhy, medeni, bilim, sport babatynda hem özüne çekiji merkez bolup durýandygyny alamatlandyrýar.
Döwletimiz şu günki güne çenli ençeme döwletler bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar we birnäçe halkara guramalarynyň agzasy bolup durýar. Ýurdumyz BMG-niň işjeň agzasy bolmak bilen onuň ýöriteleşdirilen guramasy bolan ÝUNESKO bilen ylym, bilim, medeniýet babatynda has-da üstünlikli, giň möçberli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Türkmenistan 1993-nji ýylyň awgust aýynyň 17-nde ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edildi. Bu gurama tutuş adamzat tarapyndan goralyp, geljekki nesillere ýetirmäge degişli hasaplanýan maddy we maddy däl medeni gymmatlyklary gorap saklamakda, dikeltmekde we wagyz etmekde bütindünýä ähmiýetli işleri alyp barýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň esasy maksady oňa goşulan täsin maddy ýa-da maddy däl medeni mirasymyzy, tebigy ýadygärlikleri goramakdan, çuňňur öwrenmekden we dünýä ýaýmakdan ybaratdyr. Bilşimiz ýaly, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna biziň döwletimiz boýunça 1999-njy ýylda Gadymy Merw döwlet taryhy-medeni ýadygärlikler toplumy, 2005-nji ýylda Köneürgenç şäheri, 2007-nji ýylda Köne we Täze Nusaý galalary goşuldy, şeýle hem maddy däl medeni gymmatlyklaryň sanawyna 2015-nji ýylda “Görogly” dessançylyk sungaty goşuldy. Bu sanawa 2017-nji ýylda aýdym aýtmagyň we tans etmegiň küştdepdi milli dessury, 2019-njy ýylda türkmen halyçylyk sungaty hem goşuldy. 2021-nji ýylda “Dutar ýasamak senetçiligi hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” şol sanawyň düzümine girizildi. 2022-nji ýylda türkmen halkynyň keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi keşdeçilik sungatynyň milli medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýandydygynyň aýdyň subutnamasydyr. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 29-ndaky we 23-nji aprelindäki mejlislerinde ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny açmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şol sanda bu kafedralary maliýeleşdirmek boýunça hödürnamalar taýýarlanyldy. Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasynyň toruna Aşgabat şäherindäki 140-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebi, Kaka etrabyndaky 19-njy, Balkanabat şäherindäki 21-nji, Daşoguz şäherindäki 26-njy, Türkmenabat şäherindäki 30-njy orta mekdepleri, Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebini girizmek boýunça degişli guramaçylyk işleri geçirildi hem-de bu tora birikdirildi. 2023-nji ýylyň fewral aýynyň 16-nda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň käbir ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmek baradaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişmegiň resmi dabarasy geçirildi. 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetinde ÝUNESKO-nyň “Medeni miras: geçmişden geljege” kafedrasy, Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO-nyň “Durnukly ösüşiň bähbidine ekologiýa bilimi” kafedrasy işe başlady. Bu kafedralaryň döredilmegi ýaşlary ählumumy we milli gymmatlyklar esasynda terbiýelemäge, olaryň ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri baradaky bilimlerini artdyrmaga, ekologik medeniýetini ösdürmäge ýardam berýär. Bu kafedralar adaty kafedralar däl-de, eýsem, giň möçberli halkara okuw-barlag merkezleri bolup çykyş etmek maksat edinilýär. Ýurdumyzyň yokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň döredilmegi Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy baýram edilýän şu ýylda aýratyn ähmiýete eýe boldy. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” 31-nji oktýabrynda BMG-niň Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde ýerleşýän Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň merkezi edarasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Şol gün – Şäherleriň bütindünýä gününde paýtagtymyz Aşgabat şäheri “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizildi. ÝUNESKO-nyň “Döredijilik şäherleriniň tory” maksatnamasy 2004-nji ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda bu abraýly halkara guramanyň döredijilik şäherleriniň toruna “Senetçilik we folklor sungaty”, “Dizaýn”, “Film”, “Gastronomiýa”, “Edebiýat”, “Media sungaty” we “Saz” ýaly 7 sany döredijilik ugry boýunça 350 şäher girýär. Bu tora Aşgabat şäheriniň goşulmagy onuň uly dizaýn mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, dizaýnerleriň başlangyçlaryny geljekde has-da ilerletmäge, halkara derejede döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär. Aşgabat ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşulan ilkinji şäherdir, şeýle-de Merkezi Aziýa sebitinden bu tora “Dizaýn” ugry boýunça goşulan ilkinji şäherdir. Aşgabadyň dizaýn mümkinçilikleriniň ýokary baha mynasyp bolmagy, bu ugurda alnyp barylýan köpugurly işleriň miwesidir. 2021nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝU NES KO) işleri barada Türkmenistanyň milli topary we Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde Aşgabat şäherini “Dizaýn” ugry boýunça ÝU NESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak boýunça işlere badalga berildi. Munuň üçin iş topary döredildi we onuň işleri meýilleşdirildi, şäheriň dizaýn bilen baglanyşykly döredijilik serişdeleriniň kartasy düzüldi. Bu işlere paýtagtymyzyň sungat, döredijilik intelligensiýasy, ýaşlary işjeň gatnaşdy. Dizaýnerleriň gatnaşmagynda ençeme döredijilikli çäreler guraldy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadag ly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Aşgabatda giň gerimli dizaýnerçilik çözgütleri ornaşdyryldy. Muňa mysal hökmünde Oguz han köşkler toplumyny, Bagt köşgüni, “Älem” medeni dynç alyş merkezini, “Aşgabat” söwda we dynç alyş işewürlik merkezlerini we beýlekileri görkezmek bolar. 2014-nji ýylda paýtagtymyzyň merkezinde beýikligi 25 metre barabar bolan “Ak şäherim Aşgabat” atly bina dabaraly ýagdaýda açyldy. Onuň ýokarsynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny alamatlandyrýan zeýtun şahajyklary şekillendirilendir. Häzirki wagtda Aşgabat – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagt şäheri, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni merkezidir. Şäher garaşsyzlyk ýyllarynda düýpgöter özgerdi, Orta Aziýanyň uly syýasy ykdysady merkezleriniň birine öwrüldi.
Aşgabat şäheri ykdysady – geografik jähtden amatly ýerde ýerleşýär. Ol ýurdumyzyň dürli sebitlerini birleşdirýän ulag ýollarynyň çatrygydyr. Bu ýerden Türkmenbaşy – Türkmenabat, Aşgabat – Daşoguz demir we awtomobil ýollary geçýär. Halkara howa menzili arkaly Aşgabat dünýäniň dürli döwletlerini birleşdirýän howa ýollarynyň çatrygy hasaplanýar. Bu bolsa şäheriň durmuş-ykdysady merkez hökmünde ösmegine uly ýardam berýär.
Aşgabat şäheri gadymy Ýüpek ýolunyň ugrunda, galalaryň ýerleşen ýerinde emele gelipdir. Şäheriň häzirki ornunda bolan köne gala Parfiýa patyşalygynyň gülläp ösen döwrüne, ýagny biziň eýýamymyzdan öňki 300-nji ýyllara degişlidir.Aşgabat şäheri döwletimiziň iri senagat merkezi hasaplanýar. Ykdysadyýetiniň esasyny bolsa senagat pudagy düzýär.
Aşgabat Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny amala aşyrýan merkezidir. Aşgabat – ylalaşdyryjy merkez hökmünde möhüm halkara syýasy gepleşikleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara guramalarynyň dünýä derejesinde wajyp meseleleri çözmek bilen baglanyşykly maslahatlar hem geçirilýär. 2007-nji ýylda Aşgabatda ştab-kwartirasy ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça Öňünialyş diplomatiýasynyň Sebit merkezi açyldy. Ýewropa döwletleri bilen ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen “Ýewropa öýi” merkezi hem hereket edýär.
Aşgabat – paýtagt şäher, tagtdan paýly şäher. Ol ähli şäherlerimize – obalarymyza baş bolup, görelde görkezýän şäherdir. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda hut şu maksat bilen, ýagny şäherimizde amala aşyrylýan taryhy özgertmeleri wagyz-ündew etmek üçin Aşgabat şäheriniň güni döredildi.
“Aziýanyň merjeni” diýen ada mynasyp bolmak aňsat däl, bu söz owadanlamak üçin hem aýdylan söz däl. Aziýa bilşimiz ýaly uly yklym. Onda müňlerçe we müňlerçe şäher bar, hemmesi-de owadan, hemmesi-de ösen. Kaşaň-kaşaň binalary-da bar, amatly köçeleri-de, häzirki zaman infrastrukturalary-da gurnalan. Şeýle-de bolsa, hut Aşgabada “Aziýanyň merjeni diýilýär.
2008-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatda 133 metr uzynlykda bina edilen Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň sütüni, 2010-njy ýylyň awgust aýynda bina edilen “Oguz han” suw çüwdürimler toplumy dünýäde iň iri suw çüwdürimler toplumy, 2011-nji ýylyň oktýabrynda “Türkmenistan” teleýaýlymlar merkeziniň binasy bezeýän sekizburçly “Oguz hanyň ýyldyzy” dünýäde ýyldyzyň iň uly binagärlik şekili hökmünde, 2012-nji maý aýynda Aşgabatdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň binasynyň beýikligi 95 metr, 57 metr diametrli ýapyk syn ediş çarhy hökmünde, 2013-nji ýylyň maý aýynda Aşgabat dünýäde iň köp ak mermere beslenen şäher hökmünde, 2016-njy ýylda Aşgabat Halkara howa menziliniň ýolagçylar terminalyny bezeýän haly gölüniň ( 705m2) şekili dünýäde iň ululygy mynasybetli, 2017-nji ýylda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde, 2017-nji ýylyň awgust aýynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň Sportuň suw görnüşleri merkezi halkara ölçegleriniň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, ekologik taýdan arassa serişdelerden taýýarlanan, häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda bina edilen, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasaty netijesinde halkymyzyň medeniýetini, baý taryhy medeni mirasyny ylmy esasda öwrenmäge, ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, şeýle-de onuň çuň many-mazmunyny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredýär. Şeýlelikde, ata-babalarymyzyň döreden paýhasly ýörelgelerinden ugur alyp, medeni mirasy hormatlamak, gorap saklamak, dikeltmek we ylmy taýdan öwrenmek we seljermek ugrunda biz bilim işgärleri öz mynasyp goşandymyzy goşmalydyrys. Aşgabat şäheriniň “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegini, şäheriň taryhynyň örän kyn we çylşyrymly pursatlary başdan geçirendigini, häzirki wagtdaky ösüşlerini ýaşlara yzygiderli öwretmeliklik biziň mugallymçylyk borjumyzdyr. Biz bilim işgärleri ýaşlara döwrebap esasda bilim bermäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdýarys.
NigaraAmanowa “Türkmenhimiýa”döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy