YKDYSADYÝET

Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini berýär

10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Owganystanyň Hyrat welaýatynda bolup geçen ýertitreme sebäpli doganlyk owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň çagalaryna 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda ynsanperwerlik kömegini ibermek barada Buýruga gol çekdi.

Şol Buýruga laýyklykda, Owganystanda bolup geçen güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken dostlukly döwletiň halkyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde we guramagynda ynsanperwerlik kömegi iberildi.  Ynsanperwerlik ýüki derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma, azyk önümlerinden ybaratdyr. Bu kömek köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere we uly weýrançylyklara getiren tebigy betbagtçylyga duçar bolan adamlara ruhy goldawdyr. Munuň özi dostlukly ýurduň halkyna we ýolbaşçylaryna bildirilýän çuňňur hormatyň nobatdaky beýanydyr. Ejir çekenlere goldaw bermek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň dessin kabul edilmegi Türkmenistanyň ählumumy derejede parahatçylygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, ynsanperwer taglymlaryň dabaralanmagyna ygrarlydygynyň nyşanydyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: