JEMGYÝET

Birinji synpa barjak çagalara sowgat taýýarlanyldy

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy kärhananyň işgärlerini çagalary üçin sowgat taýýarladylar.
Şu ýyl birinji synpa barjak okuwçylar üçin üçin mekdep goşhaltalaryndan, okuw esbaplaryndan ybarat bolan sowgat taýýarlanyldy. Täze okuw ýylynda kärhananyň işgärleriniň çagalarynyň 180-si 1-nji synpa barar.
Tamamlanyp barýan tomus paslynda çagalaryň ýüzlerçesi kärhananyň Amyderýanyň sapaly kenarynda ýerleşýän «Nebithimiýaçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde günlerini şadyýan geçirdiler, saglyklaryny berkitdiler.
Şeýle sowgatlar beýleki kärhanalaryň we edaralaryň kärdeşleri arkalaşygynyň ilkinji guramalarynda her ýyl berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply