JEMGYÝET

Ekinlere zyýan berijileriň garşysyna biologiki usul bilen göreşýärler

Lebap welaýat «Dökünhimiýa» müdirliginiň biolaboratoriýalarynyň hünärmenleri ekinleri zyýankeşlerden goramak işine netijeli gatnaşýarlar. Müdirligiň düzüminde biolaboratoriýalaryň 19-sy bolup, olarda möhüm işler talabalaýyk ýola goýulýar. Olar tarapyndan üstümizdäki ýylyň geçen baş aýynda gabrabrakonlaryň 2 million 42 müň sanysy, altyngözlüjeleriň 1 million 638 müň sanysy, trihogrammalaryň hem 9684 gramy öndürilip, gowaçaly meýdanlara goýberildi.

Zyýankeşlere garşy göreşiň bu biologiki usuly özüniň netijeliligini ýylyň-ýylyna görkezip gelýär. Bu babatda Köýtendag, Dänew, Farap etraplaryndaky biolaboratoriýalarda gowy görkezijiler gazanylýar.     

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: