JEMGYÝET

«Ynamdaryň» müşderileriň sany 70 müňe golaýlaýar

Telekeçi Nurmuhammet Gapurowyň «Ynamdar» internet dükany Aşgabat, Balkanabat, Türkmenbaşy, Daşoguz, Mary, Baýramaly şäherlerinde, Ak bugdaý etrabynda onlaýn söwda we eltip bermek hyzmatyny has hem giňeldýär.

«Ynamdarda» her günde kabul edýän sargytlarynyň sany 2 müň töweregidir. Agram hasabynda alnanda, günde 6 tonna golaý haryt alyjylara ýetirilýär. Olary gaplap, müşderilere ýetirmek üçin 150 işgär zähmet çekýär. Bu internet dükanynda ýygy-ýygydan geçirilýän arzanlaşykly, utuşly we sowgatly günler müşderileri has-da höweslendirýär. Önüm öndürijiler bilen göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bahalaryň elýeterli bolmagyny şertlendirýär.

«Ynamdar» internet dükany harytlarynyň hiline doly kepil geçýär. Olaryň içinde azyk, dokma önümleri, çaga iýmiti, gözellik harytlary, arassaçylyk serişdeleri, hojalyk harytlarydyr sowgatlyklar we beýlekiler bar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti ýazýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: