YKDYSADYÝET

Ýerli önümleriň önümçiligi artýar

«Ahalgurluşyk» önümçilik birleşigiň kärhanalary tarapyndan şu ýylyň geçen 9 aýynda önümçilikde 1 million 460 müň manatlykdan gowrak iş edildi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgininiň, dört essä barabar üpjün edilendigini aňladýar. Ýagny önümçilik kärhanalarynda öndürilýän kerpiçlere bolan isleg uludyr. Olar hiliniň ýokarydygy, degişli ölçeglere we gurluşygyň talaplaryna doly laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar hem-de welaýatyň çäginde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda giňden ulanylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: