DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Dubaýda dünýäde iň uly syn ediş çarhy gurulýar

Dubaýda dünýäde iň uly syn ediş çarhy «Ain Dubai-yň» gurluşygy dowam edýär. Ol syýahatçylar üçin 21-nji oktýabrda açylar. Bu barada Korrespondente salgylanyp, Day.Az habar berýär.

Bellenilişi ýaly, çarhyň beýikligi 250 metr bolar. Ain Dubai bir wagtyň özünde 1750 adamy kabul edip biler. Myhmanlar üçin bezegli kabinalaryň 19-dan gowrak görnüşi elýeterli bolar. Olaryň ählisi üç – syn ediş, çäreleri (toý, oturylyşyk agşamlary, maşgala agşamlygy ýa-da romantiki duşuşyklar) geçirmek üçin we şahsy kategoriýalara bölüner.
Myhmanlar şäher panoramasyna gündizine-de, gijesine-de syn edip bilerler.
Taslamany döredijileriň aýtmagyna görä, Dubaýda täze attraksiony döretmek üçin 11 müň tonna polat ulanyldy. Bu Eýfel diňini gurmak üçin gerek bolandan hem köpdür.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: