BIZE YAZYARLAR

Ýaşlar ― Watanyň geljegi

 Ynsan bagt barada göwün ýüwürtmegi gowy görýär. Ýakymly oý-hyýallary ony arassa asmana sary göterýär. Şonda ol bagtyň asuda we abadan durmuşda ýaşamakdan başlanýandygyna ýene bir gezek göz ýetirýär. Çünki şol pursatda sen mähriban Watanymyzdaky joşýan döwletli döwrana has belentden synlamaga mümkinçilik alýarsyň. Döwrebap derejede gurlup, dünýä dostluk menzilleri bolup uzaýan ýollaram, başyny ak bulutlara deňeýän ýaşaýyş jaýlaram, ylym-bilim, saglygy goraýyş maksatly binalardyr sport desgalaram bagtyň gözbaşy bolup öwşün atýandyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýaşamak her bir ynsanyň asyrlarboýy arzuw eden ýaşaýşynyň kepilidir. Şeýle zamanada ýaşamak her bir ynsan üçin beýik bagtdyr. Ata Watanymyz Türkmenistan täze taryhy döwri başdan geçirýär. Berkarar Watanymyzda her bir günümiz ýatda galyjy wakalara beslenýär. Durmuşyň ähli ugurlarynda gazanylýan täze üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň gözbaşynda öňde goýýan beýik maksatlarymyz dur.

2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip yglan edilmegi ömrümize şandyr, göwnümize delalatdyr. Asyrlaryň akabasy, nesilleriň ybadaty bolup gelen hoş günler kalplaryň zynaty, ak arzuwlary wysala öwrüp, bagtyýarlyk peşgeş berdi.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar üçin edýän aladalary bimöçberdir. Ýurdumyzda her bir ulgamda alnyp barylýan işler, durmuşa geçirilýän maksatnamalar, gerimi barha giňelýän döwletli başlangyçlar biziň ruhumyzy galkyndyrýar.

Merjen Rejepowa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: